Bilim bermegi kämilleşdireliň!

166

   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda  Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medenýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda günsaýyn beýik ösüşlere beslenýär. Täze sepgitlere tarap batly gadam bilen barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek biz mugallymlaryň mukaddes borjumyzdyr.
   Lebap welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usulyýet we terbiýeçilik işlerini talabaýyk ýöretmek boýunça 2024-nji ýylyň mart aýynda okuw-usuly semniarlary yzygiderli guraldy. Bu maslahaty geçirmekligiň esasy maksady –“Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmekden, mugallymlaryň umumy dersleriniň hilini, täsirini ýokarlandyrmakdan, ulanyp bilinjek sanly platformalaryň sanawyny düzmekden ybaratdyr.” Mundan başgada maslahatyň barşynda mugallymlar talyplaryň ünsüni sapaga çekmek babatda özara tejribelerini alyşyp gyzykly gürrüňleri etdiler.
   Bilim bermegi kämilleşdirmek üçin häzirki wagtda welaýatymyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde  Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýokary tizlikli Internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, widioşekilli maslahatlar guralýar. 
   Bize işlemäge, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
 
 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Türkmenabat agosenagat orta hünär

 okuw mekdebiniň mugallymy Baýlyýew Oraz


Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71