Zehinli ýaşlar- ylym-bilm tehnologiýalar äleminde
104 Hormatly Prezidentimiziň “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylyma, bilime we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli işlere höweslendirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň mart aýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda “Zehinli ýaşlar- ylym-bilm tehnologiýalar äleminde” atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Bu sergi bäsleşigine biziň okuw mekdebimizden, ýagny Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň “Agronomçylyk” hünäriniň talyplary Rahmanow Aýbek, Daniýarow Jorakuly özleriniň ýasan taslama işleri bilen çykyş etdiler. Mekdebiziň talyplary “Akylly şäher” we “Akylly öý” taslama işleri bilen çykyş edip, bu taslamalaryň geljekki maksadyny düşündirdiler. “Akylly şäher” taslamasynda uly bir şäheriň elektrik tok ulgamyny öýjükli telefon arkaly sazlap bolýandygyny, “Akylly öý” taslamasynda bolsa, öýe nätanyş biri girende telefona signal gelýändigini, şeýle-de öýüň ähli elektrik tok ulgamyny telefon arkaly sazlap bolýandygyny şekilendiripdirler. Talyplarymyz taslama işleriniň üstünde ymykly işläp, özleriniň bar zehinini, gujur-gaýratyny görkezdiler. Şeýlelikde talyplarymyz bu taslama işleri bilen 2-nji orna mynasyp boldylar we diplom bilen sylaglandylar. Okuw mekdebimizde şeýle zehinli talyplaryň bardygyna diýseň begenýäris we buýsanýarys. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak, tutýan tutymly işleri rowaç alsyn!
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy R.Durdyýewa.