Bedew ýigidiň myrady
114 Ýurdumyzda Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy ýylynda behişdi bedewleriň şanyna baýramçylyk dabarlary giňden bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alynyp barylýar.
2024-nji ýylyň Aprel aýynyň 16-da Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat kommitetiniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, Lebap welaýat kitaphanasynda “Bedew ýigidiň myrady” atly maslahaty geçirildi.
Maslahatda behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi barada gyzykly gürrüňleri belläp geçdiler. Ahalteke bedewleriniň Watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. Ähli döwürlerde bedewler halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy, onuň ylham çeşmesi bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bedewlere bolan söýgi türkmenlerde nesilden-nesle geçip gelýär.
Milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine, dünýäde giňden wagyz edilmegine, Watanymyzyň ileri tutulýan döwlet syýasatlarynyň birine öwrülmegine şert döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň
mugallymy Dowrankulyýew Çary