Türkmen agronomlary gawun ösdürip ýetişdirmegiň syrlaryny Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen paýlaşdylar

98
   Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomlary W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) pedagogika, psihologiýa, myhmansöýerlik we sport fakultetiniň talyplary we mugallymlary üçin türkmen gawuny ösdürip ýetişdirmegiň we gaýtadan işlemegiň aýratynlyklary barada onlaýn sapak geçirdiler. Bu barada rus ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berdi.
   Türkmen hünärmenleri Türkmenistanyň tebigy we howa şertlerinde gawunyň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek barada toplanan ylmy we önümçilik maglumatlary russiýaly talyplar we mugallaymlar bilen paýlaşdylar. Şeýle-de azyk önümlerini taýýarlamak üçin gawuny gaýtadan işlemegiň usullary barada gürrüň berdiler.
   ADU-nyň mugallymlary bilimleriň degişli ugurlarynda bilelikdäki ylmy we usulyýet seminarlaryny geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
  Ýeri gelende bellesek, ADU bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyk hereket edýär. Onuň çäginde ylmy maslahatlar, talyplaryň arasyndaky olimpiadalar we dürli medeni çäreler geçirilýär
   Alymlar türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik neşirinde beýan edilen gawunyň dermanlyk aýratynlyklary barada hem tanyşdyrdylar.

Peýdalanylan çeşmeler: https://turkmenportal.com

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71