Täsirli geçen maslahat.
192 Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň arassa ganlylygyny gorap saklamak, köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek, onuň şöhratyny dünýä doldurmak babatynda ýurdumyzda uly özgertmeler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň Aprel aýynyň 26-da orta hünär okuw mekdebimiziň uly mejlisler zalynda “Behişdi türkmen bedewleri” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda behişdi bedewler barada gyzykly gürrüňleri belläp geçdiler. Türkmen halkynyň durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Onuň ýaşaýşynyň her bir pursadynda bedew atyň aýratyn orny bar. Türkmen halky häzirki döwürde bolşy ýaly, geçmişde-de şatlykly gününde-de, toý-baýramlarynda-da toýuňy giňden tutup , at çapdyryp gabak atdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem, özüniň bedew atyna atlanyp ,darkaş gurupdyr. Şonuň üçin hem ol bedew atyny özüne diňe bir wepaly dost däl, eýsem dogan hasaplapdyr. Taryhda atyň ilkinji eldekileşdirieln ýeri Türküstan bolşy ýaly ony ilkinji eldekileşdirenler hem türkmenlerdir. Arap ýazyjysy Al-Şahyz IX asyrda türkmenler dogrysynda ýazyp galdyran ýazgysynda türkmen ýigitleriniň atyň üstünde geçiren wagtynyň has köpdügini belleýär. Arap awtorynyň bu ýazgysy bedew atyň türkmen durmuşyna neneňsi giňişleýin ornaşandygyny görkezýär.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnadylar. Bu gezelenç maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Milli mirasymyz bolan türkmen Atşynaslyk sungatynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine, dünýäde giňden wagyz edilmegine, Watanymyzyň ileri tutulýan döwlet syýasatlarynyň birine öwrülmegine şert döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy Kuluşowa Bägül