Üstünliklere beslenen sport ýaryşy.
166 Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türkmenistanly türgenleriň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine uly itergti berýär. Türgenlerimiz halkara ýartyşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýaş nesillere buýsanjymyzy has-da artdyrýar” diýen buýsançly sözlerinden ugur alyp 2024-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-ty “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda - Ýeňiş güni baýramçylygyna bagyşlanyp oglanlaryň arasynda woleýbol oýny boýunça institutyň açyk çempionatyny geçirdi. Bu ýaryşa Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-tyň, Ýöriteleşdirilen woleýbol mekdebiniň, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň we Baş raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň ýygyndy toparlary gatnaşdylar.
Bäsleşikde S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary ýeňiş üçin yhlaslaryny gaýgyrman oýnadylar we ýaryşda ähli garşydaş toparlaryny 3-0 hasaby bilen utup, iň gowy netijäni görkezip, öňe saýlandy. Ýöriteleşdirilen woleýbol mekdebiniň topary ikinji, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-ty üçünji orna mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijileri Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-tyň talyplar sport klubunyň “Hormat haty” bilen sylaglandylar. Çekeleşikli geçen duşuşyklar döwlet Baştutanymyzyň döredip berýän şert – mümkinçilikleriniň netijesinde türkmen sportunyň täze belentlikleri nazarlaýandygynyň tassyknamasy boldy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň
mugallymy Alymbaý Jumaýew.