“Maşgalam baş galam”

206
   Türkmenbat şäherindaki derýaçylyk orta hünar okuw mekdebi bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Maşgalam baş galam” ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada talyp gelin-gyzlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan her bir maşgala gurýanlaryň bagtly, agzybir maşgala bolmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilip berilýär.
   Ýurdumyzda döredilyän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, her kim öz ornunda, öz maşgalasynda asudalagyň, agzybirligiň höküm sürmekligi ugrunda mynasyp goşant goşsalar maşgalanyň bagtyýarlygynyň çäksiz boljaklygynyň ikiuçsyzdygyny nygtap, kümüs saçly enelerimiz, döwlet edaralarynda zähmet çekýän bagtyýar zenanlarymyz, enäniň we çaganyň sagdyn bolmaklary ugrunda mynasyp zähmet üstünliklerini gazanýan lukmanlarymyz özleriniň çykyslarynda ýaşlaryň durmuşda, maşgalada mynasyp orun almaklary üçin degerli maslahatlary berdiler.Maslahata gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda maşgala jebisligine, berkligine, agzybirligine, onda zenan maşgalanyň ornunyň uludygyna ünsi çekip, buýsançly we täsirli gürrüňlerini dinleýjilere ýetirdiler.Bize şeýle ajaýyp döwürde ýaşap, döretmäge, döwür bilen aýakdaş gitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! 


S.A.Nyýazow adyndaky
 Türkmenabat agrosenagat orta hünar
 okuw mekdebiniň
 mugallymy A.Musagylyýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71