Kitap – ruhy hazynamyz

156
   Ynsan ömründe kitabyň tutýan orny örän uludyr.Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.Biz kitaplaryň üsti bilen, kitaphanalarda alnyp barylýan işleriň üsti bilen halkymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmak we geljekki nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr!
   Kitap ýaşlara edep-terbiýe bermekde örän uly ähmiýeti bardyr,Raýatlarymyzy terbiýelemekde, watançylyk duýgularyny oýarmakda,päklik, mähribanlyk baradaky kitaplaryň mümkinçilikleri biz üçin çäksizdir.
   Halkymyzda şeýle asylly häsiýetleri terbiýeleýän pähim-paýhasly sözler jemlenen kitaplary wagtly-wagtynda çap edip durmak zerurdyr.
   Kitaphanalarda häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän elektron we internet hyzmatlary ýola goýulmalydyr.
   Ýurdumyzda ylym, bilim, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler kitaphana işine oňyn täsirini ýetirýär we olaryň işiniň yzygiderli ösdürilmegine şert döredýär.
                                                                                                         

  S.A.Nyýazow adyndaky                       
  TOHU-nyň Türkmenabat 
  agrosenagat orta hünär  
  okuw mekdebiniň 
   mugallymy Jumaýewa L.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71