Suw baýlyklarymyzdan rejeli we netijeli peýdalanalyň!

47
   Türkmen tebigatynyň özüne mahsus gözelliklerini, aýratynlyklaryny suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Suw tebigaty görke getirýär. Suw bilen tebigat jana gelýär. Diňe bir tebigatam däl, eýsem şol tebigatyň goýnunda mesgen tutan adamzadyň hem, haýwanat dünýäsiniň hem ýaşaýşy suw bilen! Hut şonuň üçin hem suwy hemişe eşrepi ýaly görüp, “Suw damjasy – altyn dänesi” pähimini döredipdir.
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ata Watanymyzyň tebigy şertlerinde bar bolan baýlyklary, serişdeleri rejeli peýdalanmakda hojalygy ýöretmegiň dürli usullaryny oýlap tapyp, dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelipdir.
Türkmen topragynyň her bir gysym gumy zerden – göwherden gymmat hazynadyr. Bu toprak ilkinji ak bugdaýyň watanydyr. Bu ýerde bitýän ir – iýmişleriň, gök we bakja, önümleriniň tagamy, datlylygy üýtgeşikdir.
Biziň Watan diýip mukaddeslige göteren ýerlerimiziň çöl giňişliginde parahat ýaşaýşa ummasyz baha kesen ata – babalarymyz  häzirki döwürdäki ýaly mümkinçilikleriň ýok mahaly çuňlugy iki ýüz, üç ýüz metre ýetýän çuň guýulary gazyp, ojardan, gandymdan, sözenden çöwlük örüp, ýeriň çeşmesine baryp bilipdirler.
   Garagum çölüniň jümmüşinde gabat gelýän takyrlarda toplanan suwy ýörite guýy gazyp, arly gyş ýygnap, tomus şol suw bilen öňar ýaly üsti ýapylan howuzlar – sardabalar edipdirler. Bu ýerde gawun-garpyz, künji mäş ýaly ekinler hemem düme bugdaýyny ekip, galla hasylyny alypdyrlar.
   Ulu-uly gardanlar gazyp, gyş gar ýaganda garlary tokgalap, uly edilip gazylan gardanlara basyp, demrikdirip üstüne çöp – çalam, onuň üstüni hem bir-  iki metr galyňlykda gum bilen basdyryp, tomusda gar suwuny ýaşaýyş şerbeti hökmünde içipdirler.
   Pederlerimiz örän çylşyrymly suwaryş desgasy bolan kärizleri hem gazyp, dag astynda ýatan bal ýaly suwy ekin meýdanlaryna akar ýaly edinipdirler. Türkmenler suwaryş ýaplaryny gazmak üçin ýerleri hem örän ussatlyk bilen saýlap bilipdirler.
   Pederlerimiz türkmen topragynyň bagy – bossanlyk bolmagyny isläp, “Suw akan ýerine, bagt bakan ýerine”, “Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr”, “ Suw ata, ýer bolsa ene”, “Toprak teniňdir – asman ruhuňdyr” diýipdirler.
   Milli  Liderimiziň yzygiderli alyp barýan parahatçylykly söýüji, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty netijesinde biziň döwletimiz halkara ähmiýetli onlarça möhüm iri möçberli  taslamalarynyň  başyny başlap we olary üstünlikli durmuşa geçirip döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.
   Türkmeniň ojagy deý mukaddes, lebzi halal, buýsanjy ýaly beýik, ynamy ýaly keramatly Watanymyza bu döwletli işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň goldawlaryna daýanyp, ýurdumyzyň suw hojalyk işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň jany sag, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

  Türkmenabat agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Amanowa Nurjemal  

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71