Şahyryň dilinde watan waspy

53
Türkmen halkynyň edebi  taryhynda öçmejek  yz galdyran  Magtymguly Pyragynyň  döredijiligi  örän  köptaraplylygy  bilen tapawutlanýar. Onuň  parasatly  pikirleri  türkmen halkynyň  aňyna  mäkäm ornaşyp, milletiň  kalbynda  milli  aýdym bolup  ýaňlanýar. Şahyryň  dürli temadaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen, goç ýigitler terbiýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. Şahyr watançylyk, gahrymançylyk temasynda “Ýaşymyz” , “Gözlär men”, “Başy  gerekdir”, “Mert  bolmaz” ýaly  goşgulary  ýazýar. Bu  goşgularyň  içinden  watany söýmek, oňa wepaly bolmak, batyrlyk, edermenlik baradaky pikirler eriş-argaç  bolup geçýär. Şahyr üçin doglan ýurdundan eziz, mähriban  ýurt  ýok.Ol “Mert bolmaz” goşgysynda:
  “ Eşit, adam,dogan ilden,
   Gaýry mähriban  ýurt bolmaz”
   Diýip belleýär.Ýa-da:
  “Ilinden aýry düşen
   Ah urar, ili gözlär”
   Diýip, dogduk ýurdundan  aýrylan ynsanyň gursagynyň mydama  armanly aýtjakdygyny nygtaýar. Şahyr “Gadyryň näbilsin” diýen  şygrynda:
  “Watandan aýrylyp,ýalňyz düşmegen
   Ülkesinde il gadyryn näbilsin”
   Diýmek bilen öz ülkäňde, dogan-garyndaşlaryň arasynda rahat ýaşamagyň adam  üçin uly  hazynadygyny belleýär. Bu sözler onuň  watanyny çyn ýürekden söýýändigini  aňladýar. 
  Bilşimiz ýaly, şahyr atamyzyň  ýaşan  döwürleri türkmen  halkynyň galagoply, içerki we  daşarky  söweşleriň köp  bolýan  zamanasy  bolupdyr. Ol bu zatlara jany-teni bilen  gynanyp, bu  meselere çäre tapmagyň  pikirinde  bolupdyr. Muny ussadyň  her bir goşgysynda diýen ýaly duýmak bolýar.
   Türkmen halkyny  ruhybelentlige, agzybirlige, jebislige çagyran beýik  şahyrymyzyň arzuwlan zamanasy  häzirki döwürde öz ajaýyp beýanyny tapdy.
Milli lidermiziň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň aýdyň maksatlary, belent tutumlary bilen  külli türkmen  halkyny bir saçagyň  başyna  jemlendi, beýik şahyrymyzyň  ajaýyp  şygyrlary  toýdur  baýramlarymyzyň  senasyna  öwrüldi. Biz  kalbynda  Watan      mukaddesligi  tug edilen türkmen milletiniň  agzybir, parahat ýaşaýşyny  gursagynda  göterip, köňlüne uly ynamy beslän akyldar şahyrmyzyň arzuwlan şol bagtly  döwrüniň, bagtyýar döwrüniň  şaýatlarydygyna begenýäris.

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw 
mekdebiniň mugallymy Akyýewa Läle

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71