TARYHA SYÝAHAT
49Muzeý 1967-nji ýyldan bäri işleýär. Şol döwürde ol Türkmenabatyň merkezinde ýerleşýän Hajy Mälik metjidiniň binasynda ýerleşýärdi. Onuň täze binasy, 2011-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen açyldy.
Muzeýiň bölümlerinde bir wagtyň özünde birnäçe dillere terjime edip boljak enjamlar oturdyldy. Garaşsyzlyk bölüminde welaýatyň syýasy durmuşy bilen baglanyşykly maglumatlary, suratlary, ýazgylary, dürli gymmatlyklary we olar hakda ylmy maglumatlar görkezilýär. Saklawhanalarda 20 müňden gowrak eksponat bar. Muzeýde ýerli suratkeşleriň çeken suratlary, keramika we heýkelleri, şeýle hem etrap bilen baglanyşykly taryhy resminamalar görkezilýär.
Etnografiýa bölüminde halkyň gadymy durmuşy bilen baglanyşykly maddy we medeni gymmatlyklar görkezilýär. Sergide Beýik küpek ýolunyň ugrunda müňlerçe ýyl bäri bar bolan oba hojalygy, maldarçylyk, senetçilik, dokmaçylyk we Gündogar bazary ýaly wakalar görkezilýär. Muzeýe gelýänler şaý-sepler, halylar, mis, toýun we agaçdan ýasalan gap-gaçlar, keteni matadan tikilen milli eşikler, onuň üstündäki owadan nagyşlar, aýal eşikleri, saz gurallary we zähmet gurallary gyzyklandyrýar.
Tebigat bölüminde, Lebap derýasynyň Retepek, Amyderýa we Köýtendag goraghanalarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklaryny açylýar. Muzeýiň ýörite eksponaty Hojapil obasyndan alnan 150 million ýyllyk dinozawryň aýak yzydyr.
Arheologiýa bölüminde bolsa Amul şäheri barada, Astanababanyň kümmeti, Alamberdar, Idrisbaba medresesi, Daýahatunyň kerweni, Dargangala ýadygärligi barada maglumat berlen we keramikadan ýasalan önümler, toýundan ýasalan aýal heýkeljikler, piliň süňkleri görekezilen, bu bize uzak geçmişe göz aýlamaga mümkinçilik berýär.
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň Türkmenabat agrosenagat orta hünär mekdebiniň matematika mugallymy Baýlyýew Oraz Kakabaýewiç