Nepislik älemiň soltany.

65
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilime örän uly sarpa goýulýar.Ýaşlaryň okamagy, ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
       Türkmen zenanlarynyň döreden islendik el işini alanymyzda, bir hakykata göz ýetirmek bolar. Ýürek mähiri siňdirilip, yhlas bilen edilen işleriň deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak sungat eserine deňelmegi ýöne ýere däl diýdirýär. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň elinden çykan işlerini, keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýişi ýaly, “Zenanlar il halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý edip bilen märibanlardyr” diýip belleýär.Biz hem şu nukdaýnazardan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp-gelin gyzlarynda ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza goýulýan sarpany artdyrmak, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak zähmet terbiýesini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen welaýatymyzy bezäp duran Taryhy we ülkäni öwreniş müzeýinde gezelençler guradyk. Gezelenjiň dowamynda gadymy döwürlerde adamlaryň ýaşaýyş şertleri, ilkinji daýhanlar,maldarlar,ene-mamalarymyzyň el-işleri, şaý sepler barada talyp gelin-gyzlarymyz içgin gyzyklanyp gymmatly maglumatlary öwrendiler. Bu bolsa talyp gelin-gyzlarymyzyň gadymy el işlerini mynasyp dowam etdirmeklige, el işlerini täzeçe öwüşginde taýýarlamaklyga, keşdeçilik sungatyny öwrenmeklige uly badalga berdi.
       Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ähli taraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak döwletli işleri hemişe rowaç bolsun.

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
 Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw 
mekdebiniň mugallymy Annaýewa Gülnar

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71