Oba hojalygy möhüm özgertmeler, wajyp wezipeleri.
49Häzirki wagtda oba hojalygyny ylymy esasda alyp barmak boýunça hem uly işler amala aşyrylýar.ArkadagymyzGahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy, ony düýpli üýtgedip guramaga kanuny esaslar döredildi. Şunda dünýäniň ösen tehniologiýalary, ylmyň we tehnikanyň, öňdebaryjy tejiribäniň gazananlary ata-babalarymyzyň ekerançylykda asyrlar boýy toplan tejribesi bilen utgaşdyrylyp, bilim ojaklarynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşmagyna uly üns berilýär. Çünki bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrmakda esasy şertleriň biridir. Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgamda ylymy-tehniki täzälikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Iň täze, döwrebap kompýuter tehniologiýalary, multimedia ulgamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamlary döredildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin oňaýly şertlerde ýaşamaga hem-de işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz köp sag bolsun!
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
“ Gidromeliorasiýa we agromehanika” bölüminiň
“Agronomçylyk” hünäriniň mugallymy:
Batyrowa Dünýä