Türkmenistanda ösümlikleri goramak boýunça talyplaryň arasynda ilkinji olimpiada geçiriler
6Türkmen oba hojalyk instituty 10-njy aprelde ösümlikleri goramak boýunça talyplaryň arasynda ilkinji internet-olimpiadasyny geçirer — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Bäsleşige 3–5-nji okuw ýylynyň talyplary gatnaşyp bilerler, olaryň hünär ugurlary ýa-da ýokary okuw mekdebiniň hünär okuw ugry möhüm däldir. Her okuw mekdebinden 5-den köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 1-nji aprele çenli gatnaşjak toparyň we jogapkär mugallymyň maglumatlaryny institutyň elektron salgysyna — tohi_tm@sanly.tm — ibermelidirler.
Bäsleşik 50 soragdan ybarat test görnüşinde geçiriler. Test tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin 90 minut berler.
Bäsleşigiň geçirilişi barada giňişleýin maglumatlary guramaçy ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.
Gözel Kulyýewa
TAOHOM-niň mugallymy