2025-nji ýylda Türkmenistanda 76,5 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy

3
2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanda 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.
    Mejlisiň dowamynda statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
     Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi 6,2 göterim, kerosiniň öndürilişi 5,4 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 26,4 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 5,2 göterim ýokarlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. 

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71