Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
7Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew
batly at-myradyň mekany" ýylynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we
welaýatlarda ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de
talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek,
adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe
serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz
janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy,
tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý
etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun
bozulmalaryň öňüni almak, ýol howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagyn durmuş
we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen Lebap welaýat S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlarynyň arasynda
wagyz-nesihat çäresi geçirildi.