DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek, innowasiýalary höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, täze senagat kärhanalaryny döretmek, maýa goýumlary çekmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde barha ilerledilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda, şol sanda dokma senagaty pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlanýan dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iri dokma toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi - dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmagy başaran, ýagny ýerli tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy ýurdumyzyň dokma senagatynyň düzümine goşuldy. Şol häzirki zaman dokma kärhanalarynyň hatarynda Türkmenabadyň pagta egriji fabrigi hem bar.
Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň agzybir işgärleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem ýokary zähmet joşgunyna besleýärler. Fabrikde önümçilik bilen birlikde ýaş hünärmenleri hünäre ugrukdyrmak boýunça hem netijeli iş alnyp barylýar. Mysal üçin, häzirki wagtda S.A.Nyýazow ad. TOHU-nyň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bu ýerde önümçilik tejribelerini geçýärler.
Golaýda Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň mejlisler zalynda «Türkmenistan — baky bagtyň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň, Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň hem-de Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guran maslahatyna önümçilik tejribesini geçýän talyp ýaşlar hem gatnaşdylar.
Maslahatda dokma senagaty toplumuny ösdürmek, ýokary öndürijilikli zähmet çekmek, şeýle hem dokmaçylaryň amatly ýaşaýşy hem-de dynç almagy babatynda şertleri döretmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.
Goý, halkymyzy bagtyýar durmuşa eýe eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlansyn!
Jumagül Açylowa,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary bilen Lebap welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.