Türkmenistanda gök ekerançylyk
10Bakjaçylyk oba
hojalygynyň iň düşewüntli pudagy hasap edilýär. Sebäbi, 1 ga ölçeginde
garpyz 240-260 s, gawun – 130-145 s hasyl berýär. Kädiniň hasyllylygy bolsa,
350-420 s/ga ýetýär. Şol wagtyň özünde hem, bakja önümlerde 70-81 % suw, 6-18 %
şeker, 2-3 % mineral duzlar, 3-4 % organiki kislotalar, belok, 12-24 % ýaglar
we witaminler saklanylýar.Gök ekerançylyk (pomidor, sogan, kelem, burç, käşir),
bakjaçylyk (gawun, garpyz, kädi) we köki miweliler (ýeralma, şugundyr) ösdürip
ýetişdirmeklik esasan ilatyň azyk bolçulygyny artdyrmak üçin zerurdyr. Häzirki
wagtda ilaty ýurduň içinde öndürilýän esasy azyk önümleri bilen üpjün etmek,
şol sanda gök-bakja önümleriniň bolçulygyny döretmek wezipesi üstünlikli
çözülýär. Pudaklaryň önümlerini ter we gaýtadan işlenen görnüşde başga ýurtlara
satuwa çykarmak mümkinçilikleri hem bardyr.
Ilatyň kada
boýunça ýylda jan başyna sarp edilmeli gök-bakja önümleriniň we ýeralmanyň
möçberi, kg
Önümiň | Kada boýunça ýylda jan başyna sarp edilmelisi |
Gök | 80 |
Bakja | 40 |
Ýeralma | 37 |
Gök ekerançylyk
pudaklary şu döwürde ilatyň degişli azyk önümlerine bolan islegini doly
kanagatlandyryp bu önümleriň bol-elinligini döredýärler.Bu pudaklarda emele
gelen önümçilik binýady esasan ekinleriň hasyllylygyny artdyrmagyň
hasabyna gök, bakja önümleriniň we ýeralmanyň öndürilişini ep-esli artdyrmaga
mümkinçilik berýär.
Gök ekerançylyk. Bu
pudakda önümiň zähmet sygymy örän ýokary bolup, orta hasapdan ekinleriň
bir gektaryna 1,5müň adamsagada çenli janly zähmet sarp
edilýär. Bir işgäre berkidilýän ekinleriň meýdany olaryň görnüşine görä,
0,5-0,7ga ýetýär. Zähmet sygymy has ýokary gök ekinlere
pomidor, käşir, hyýar degişli.Kelem, badamjan, burç ýaly beýleki gök
ekinleriň zähmet sygymy birneme aşakdyr.
Ýöriteleşen hojalyklarda pudagy
intensiwleşdirmegiň hasabynaýokary netijeler gazanylýar.
Pudagyň aýratynlygy – mehanizmleşdiriş
mümkinçilikleriniň, ylaýta-da hasyl ýygymynda çäkli bolmagydyr. Intensiwleşdirmekligiň
esasy faktory bolup, agrotehnikanyň talaplarynyň çäklerinde organiki we mineral
dökünleriň berilmegi çykyş edýär. Ösümlikleri ak ganatlyjalardan we beýleki
mör–möjeklerden hem-de kesellerden goramak, ýörite ekin dolanşyklarynyň
ulanylmagy, agrotehnikanyň berjaý edilmegi, tohumçylyk işi pudagyň mundan
beýlägem ösdürilmeginiň esasy ugurlarydyr.
Bakjaçylyk. Azyklyk
bakja ekinlerine esasan gawun, garpyz we kädi degişlidir. Zähmet sygymynyň aşak
bolmagy hem-de bakja ekinleriniň agrotehniki çäreleriň geçirilişine möhlet
babatda az talap edijiligi bu pudagyň beýleki pudaklar bilen utgaşykly alynyp
barylmagyny ýeňilleşdirýär. Gawun-garpyzyň täze çykarylýan sortlarynyň arasynda
daşamaga oňaýly, kesele çydamly, tagamy boýunça has ýokary hilli sortlary bar. Gawuny
we garpyzy azyk senagatynda gaýtadan işlemegiň geljegi uly.
Jumaýewa Leýla
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy