Puluň ýüze çykyş taryhy

8
Pul ykdysady kategoriýadyr, onuň ýüze çykmagy bilen we onuň gatnaşmagynda jemgyýetçilik gatnaşyklary guralýar. Puluň ýüze çykmagy jemgyýetiň ykdysady gatnaşyklaryny we önümçiligiň aýratyn şertlerini ýerine ýetirmeklik bilen ol onuň usullarynyň yzygiderli ösmegine ýardam edýär. Ykdysady gatnaşyklaryň ösýän we üýtgeýän şertinde puluň hereketinde aýratynlyklar bolup geçýär. Puluň ýüze çykmagyna aşakdaky ýagdaýlar sebäp bolýar:
- natural hojalygyndan haryt önümçiligine we haryt alyş-çalşygyna geçilmegi;
- haryt öndürijileriň emläk aýrybaşgalanmagy;
- öndürilen önümiň belli-bir eýesiniň bolmagy.
Ilkidurmuş jemgyýetiniň başlangyç döwründe adamlaryň öndüren önümleri hususy isleglerini kanagatlandyrmak üçin sarp edilipdir. Önümçiligi ösdürmegi höweslendirmegiň, şonuň ýaly-da belli bir derejede tebigy şertleriň täsiri esasynda (mysal üçin, maldarçylygyň, ekerançylygyň ösmegi üçin şertiň döredilmegi) önümiň belli bir görnüşlerini öndürmek esaslandyrylýar we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy esasynda önümiň öndürilişi köpelýär. Haryt öndürijileriň emläk aýrybaşgalanmagy, öndürilen harytlaryň eýeleriniň bolmagy, olara degişli harytlary başga harytlara çalyşmaklyga ýa-da harytlary pula satmaklyga mümkinçilik berýär. Harydyň gönüden-göni haryda çalşylmagy haryt öndürijileriň bähbidine laýyk gelen ýagdaýynda bolup geçýär. (Haryt çalşylanda haryt-öndürijileriň bähbitleri göz öňünde tutulmaly we çalşylýan harytlaryň gymmat barabarlygy (ekwiwalentligi) üpjün edilmelidir. Bu bolsa öz gezeginde çalşylmaklygy çäklendirýär, şol sanda çalşylýan harytlaryň bölünmeýänligi (mysal üçin, iri şahly mal) belli bir derejede päsgelçilik döredýär. Alyş-çalyş ekwiiwalentlik talabynyň berjaý edilmegi harytlaryň gymmatynyň ölçegini göz öňünde tutýar, ol öz gezeginde olary taýýarlamak üçin sarp edilen zähmetden gelip çykýar. Alyş-çalyşyň ösdürilmegine bolan ymtylma harytlaryň öndürilişiniň ýokarlanmagyny höweslendirdi, çalşylýan harytlaryň gymmatyny ölçemeklik üçin, çalşylýan harytlaryň köpdürliligi harytlaryň ählumumy ekwiwalentiniň bölünip aýrylmagyna getirdi. Alyş-çalşyň ösmegi, kem-kemden onuň intensiwliginiň ýokarlanmagy ilki bilen aýratyn harytlaryň ulanylmagyna (malyň, gönüň), soňra bolsa gymmat bahaly metallaryň (esasanam altynyň) ählumumy ekwiwalent bolup çykyş etmegine getirdi. Altynyň ählumumy ekwiwalent bolup tapawutlanmagy, ýeke-täkligi, bölünmek-ligi we zaýalanmazlygy ahyrky netijede onuň pul bolup çykyş etmegine getirdi. 



 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň  mugallymy   Jumaýewa Leýla

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71