Matematika hem-de meşhur matematikler barada gyzykly faktlar

6

- Meşhur alym, matematikanyň professory Stiwen Hoking matematikany diňe mekdepde öwrenendigini belläp geçýär. Oksfortda mugallym bolup işlän döwründe bolsa bir gün öňünden talyplaryň kitabyny okap, sapaga şeýle taýýarlanandygyny aýdýar.

- Otrisatel sanlar ilkinji gezek III asyrda Hytaýda ulanyşyga girizilýär. Soňabaka Hindistanda-da hem bergidarlaryň karzyny bellik etmek üçin hem ulanylypdyr.

- «π» sany ilkinji bolup hindistanly matematik Budhaýana b.e öň 
VI asyrda ulanypdyr.  «π» sanyň simwolyny bolsa 1706-njy ýylda Wilýam Jons oýlap tapypdyr. Bu sany drob hökmünde ýazsak, ol hiç gaýtalanmaýar we tükeniksizdir. Ýene-de «π» sany arkaly howany kesgitläp bolýar.

- Angliýaly matematik Abraham de Muawr garrap gartaşan döwründe ukusynyň dowamlylygy her gün 15 minut artýandygyny belleýär. Şonda ol arifmetik progresiýany düzüp, ukusynyň dowamlylygy 24 sagada ýetjek güni – 27.11.1754 ý. güni anyklaýar. Şol gün hem alym dünýäden ötýär.

- Amerikaly matematik Jordj Dasing aspirant döwründe okuwa gijä galyp, synp tagtasynda ýazylan mysaly öýe tabşyrylan ýumuşdyr öýdüp, işläp gelýär. Muny görüp, professor mugallymy gaty geň galýar. Sebäbi ol ençeme alymlaryň köp ýyllap çözüp bilmedik meselesini çözmegi başarýar.

- Britaniýaly matematik Lýutwidj Jonson ömrüniň köp bölegini logika ylmyna bagyşlanyny hemme bilmeýär. Ony köpräk dünýä edebiýatynda Lýuis Kerroll ady bilen tanaýarlar. 

 

Akmuhammet Nuryýew

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi  

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71