Taryh sapagynda görkezme esbaplaryndan peýdalanmak

5

Taryh sapagy — türkmen
halkynyň şöhratly geçmişini, medeniýetini we döwletlilik ýörelgelerini
öwrenýän, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän esasy dersdir
. Ol
taryhy seneleri, şahsyýetleri we wakalary seljermegi, milli mirasymyzy aýawly
saklamagy we öwrenmegi maksat edinýär.



 Arheologik
tapyndylar, ýazuw çeşmeleri, arhiw resminamalary we türkmen halkynyň
döredijilik mirasy (rowaýatlar, dessanlar) taryh sapagynyň özeni bolup durýar
.



Mugallymlar taryhy
kartalardan, suratly gollanmalardan, wideo-şekillerden we elektron
resminamalardan peýdalanyp, sapagy gyzykly we görkezmeli edýärler.
 Türkmenistanyň
gadymy we häzirki zaman taryhy, şeýle hem dünýä taryhy öwrenilýär. Döwletlilik
ýörelgeleri, Oguz han döwründen bäri gelýän taryhy çeşmeler esasy orunda durýar. Her bir mugallym okuwçylaryň akyl
ýetirijilik ukyplaryny ösdürmek, pikirlenmek endiklerini kämilleşdirmek,
gözýetimini, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmak ugrunda işjeň çemeleşmelidir.
Mugallymyň öz üstünde yzygiderli işläp, bilimini artdyryp, tejribesini baýlaşdyryp
durmagy möhümdir. Mugallym täze taryhy maglumatlary okuwçylaryň aňyna nähili
ýagdaýda ýetirmelidigi ugrunda aladalanmalydyr. Okuwçyda öwrenilýän her bir
taryhy maglumatlara bolan höwesi döretmezden, onuň akyl ýetirijilik ukybyny
ösdürmek mümkin däl. Şoňa görä-de, sapaga gyzyklanma döretmek möhüm mesele
bolup durýar. Şonuň üçin okuw-görkezme esbaplarynyň dürli görnüşlerinden,
taryhy kartalardan, reňkli suratlardan, tehniki serişdelerden ýerlikli
peýdalanyp bilmek, okuwçylaryň özlerini işjeň gatnaşdyrmak, elbetde, olary
sapaga höweslendirmegiň ygtybarly ýollarynyň biridir.



S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebinde Taryh,Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary sapaklary talyplara
giňişleýin öwredilýär.



 



Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy Jumaýew Döwlet

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71