9-njy maý — Ýeňiş Güni: Edermenligiň we parahatçylygyň baýramy

2 Her ýylyň maý aýynda dünýä halklary, şol sanda türkmen halky hem taryhyň iň dabaraly we iň ähmiýetli seneleriniň birini — 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününi giňden belleýär. Bu baýram diňe bir harby ýeňiş däl, eýsem adamzat mertebesiniň, mertligiň, agzybirligiň we parahatçylyga bolan teşneligiň dabaralanmasydyr.Müňlerçe türkmen ogullary we gyzlary uruş ýyllarynda frontyň iň gyzgyn nokatlarynda edermenligiň we watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň arasynda iki gezek Gahryman adyny alan, mergen gyzlarymyz, tankçylarymyz we pyýada esgerlerimiziň her biri taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Şonuň bilen birlikde, tylda galan enelerimiz, gyz-gelinlerimiz “Hemme zat front üçin, hemme zat Ýeňiş üçin!” diýen şygar astynda gije-gündiz zähmet çekip, ýeňşiň golaýlaşmagyna öz ägirt uly goşantlaryny goşdular.

Paýlaş

Salgymyz:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, 1a.
Лебапский велаят, город Туркменабат, улица Зелили, 1a.
Lebap velayat, city of Turkmenabat, Zelili street, 1a.

Telefon belgiler:
+993 422 9-87-71